- garşylamak
- işlikÖňünden çykmak, garşy almak.∙ Arçyn özüniň agasyny ýere gadyrlylyk bilen garşylady. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)∙ Öwez göwünli-göwünsiz ýerinden turup Garajany garşylady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Emma Nurjahan ony öz ogly ýaly garşylady. Atly polk Kuropatkin köçesine girende, şäher halky olary gül bilen garşylady. (B. Kerbabaýew, Aýgyrly ädim)∙ Şapak ýaşyp, ýaňy bolanda ýassy, Kakçy Gadam garşylady Iwany. (N. Pomma, Goşgular)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.